ABŞ-nyň aprel aýynyň ahyryna çenli Siriýadaky güýçlerini yza çekjekdigi öňe sürüldi

Bu habar “Wol Strit Jornal” gazetinde çap edildi

1141313
ABŞ-nyň aprel aýynyň ahyryna çenli Siriýadaky güýçlerini yza çekjekdigi öňe sürüldi

ABŞ-nyň “Wol Strit Jornal” gazetiniň iş başyndaky we ozalky resmilere esaslandyrýan habarynda, hökümetiň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň goralmagy üçin haýsydyr bir meýilnamanyň düzülmegine garaşman, aprel aýynyň ahyryna çenli Siriýadaky goşunlaryny yza çekip gutarmagyna garaşýandygy öňe sürüldi.

Resmileriň birnäçe günüň dowamynda terror guramasy DAİŞ-iň gözegçiligindäki soňky etrapçanyň hem alynmagyndan soň ABŞ-nyň Siriýadaky güýçlerini dolulygyna yza çekmäge gönükjekdigini aýdandygy mälim edildi.

Meýilnamalarda haýsydyr bir özgerlişik bolmasa Amerikan güýçleriniň esasy bölegini mart aýynda yza çekjekdigi, galan böleginiň bolsa aprel aýynyň ahyryna çenli Siriýadan çykjakdygy öňe sürüldi.

ABŞ-nyň ÝPG/PKK-nyň goralmagy boýunça Türkiýe bilen gepleşikler geçirendigi, emma bu meselede netije alynmandygy barada aýdylýan makalada, Amerikan güýçleriniň terror guramasy ÝPG/PKK üçin haýsydyr bir gorag meýilnamasy bolmazdan ýurtdan çekiljekdigi nygtalýar.

Goranmak ministrligi “Wol Strit Jornal” gazetinde berilen habarlar barada beýanat bermekden çetde durýar, emma Prezident Tramp düýn DAIŞ-e garşy Arkalaşyga girýän ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynda beren beýanatynda birnäçe hepdäniň dowamynda DAIŞ-iň gözegçiligindäki ýerleriň ählisiniň alynandygyny yglan etjekdiklerini aýdypdy.



Degişli Habarlar