Ýemende 4 ýylda 6700-den gowrak çaga ýogaldy

Ýemende ilatyň ýarysyny emele getirýän 14 million adam gytlyga garşy göreşýär

1136268
Ýemende 4 ýylda 6700-den gowrak çaga ýogaldy

 

BMG-nyň Çagalara ýardam gaznasy tarapyndan berlen beýanatda Ýemende içerki söweşiň başlan ýyly bolan 2015-nji ýyldan bäri 6700-den gowrak çaganyň ýogalandygy ýada ýaralanandygy nygtaldy

Ýemende 358 müň çaganyň hem dem almakda kynçylyk çekýändigi we gyssagly bejergi almalydygy nygtaldy.

Saud Arabystanynyň öňbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleri tarapyndan goldanýan hökümete tabynlykdaky güýçler bilen Husileriň arasyndaky çaknyşyklar sebäpli Ýemende dünýäniň iň uly gumanitar krizislerinden biri başdan geçirilýär.

BMG-na görä, Ýemende ilatyň ýarysyny emele getirýän 14 million adam gytlyga garşy göreşýär.

22 milliondan gowrak adam hem gyssagly kömege mätäç


Etiketkalar: #Ýemen , #çaga , #gyssagly

Degişli Habarlar