Tramp: “ABŞ bilen Türkiýäniň ykdysdy gatnaşyklary barada pikir alyşdyk, uly potensial bar”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Prezident R.T.Erdogan bilen geçiren telefon söhbetdeşligi barada beýannama berdi

1125698
Tramp: “ABŞ bilen Türkiýäniň ykdysdy gatnaşyklary barada pikir alyşdyk, uly potensial bar”

Tramp Twitter arkaly beren habarnamasynda; “ABŞ bilen Türkiýäniň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar barada pikir alyşdyk. Hakykatdan hem uly potensial bar” diýip ýazdy.

Tramp habarnamasynda; “DAİŞ-iň galyndylaryna garşy syň iki hepdede gazanan üstünligimiz we 20 millik howpsyzlyk zolak bilen birlikde ähli meseleler barada Erdogan bilen pikir alyşdym. Şeýle-de ABŞ bilen Türkiýäniň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary seljerdik” diýip ýazdy.

Prezident Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezident Trampyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirilipdi.

Özara gatnaşyklaryň ýany bilen Siriýada ýetilen soňky sepgit barada-da pikir alyşylan söhbetdeşlikde Erdogan kärdeşiniň Amerikan goşunlarynyň Siriýadan çekilmegi baradaky kararyna kanagatlan bildiripdi. Erdogan şol çäkde Türkiýäniň NATO-da hyzmatdaşy bolan ABŞ-na ähli goldawy bermäge taýardygyny ýatladypdy.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Sarah Sanders bolsa Erdogan bilen Trampyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi barada ýazmaça beýannama beripdi. Sanders Erdogan bilen Trampyň arasyndaky telefon söhbetdeşliginde ABŞ-nyň Siriýadaky goşunlarynyň çekilmegi, özara gatnaşyklar we beýleki ugurlarda pikir alyşylandygyny habar beripdi.



Degişli Habarlar