Eýran DAIŞ-e garşy Taliban bilen hyzmatdaşlyk etmeli

“Eýran, Owganystanda Talibanyň eden ýalňyşlyklaryny görýär. DAIŞ-iň Owganystandaky pozisiýasyna garşy Taliban bilen hyzmatdaşlyk etmelidiris”

1125347
Eýran DAIŞ-e garşy Taliban bilen hyzmatdaşlyk etmeli

 

Eýranyň Milli Mejlisiniň Howpsyzlyk we daşarky syýasat komissiýasynyň başlygy Haşmetullah Felahetpişe, ýurdunyň terror guramasy DAIŞ-e garşy Taliban bilen hyzmatdaşlyk etmelidigini nygtady.

ABŞ-nyň terror guramasy DAIŞ-iň agzalaryny Owganystana ornaşdyrandygyny öňe süren Felahetpişe “Eýran, Owganystanda Talibanyň eden ýalňyşlyklaryny görýär. DAIŞ-iň Owganystandaky pozisiýasyna garşy Taliban bilen hyzmatdaşlyk etmelidiris” diýdi.

Eýranly Işçileriň habarlar gullugy ILNA-nyň berýän habaryna görä, terror guramasy DAIŞ-iň Owganystanda guramalaşandygyna ünsi çeken Felahetpişe, Eýranyň DAIŞ meselesinde Taliban bilen gepleşik geçirýändigini belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar