Russiýanyň Magnitogorsk şäherinde bolan tebigy gaz partlamasynda 11 aýlyk bir bäbek halas edildi

Russiýanyň Çelýäbinsk sebitindäki Magnitogorsk şäherinde bolan tebigy gaz partlamasy sebäpli çöken binanyň aşagyndan 11 aýlyk bir bäbek diri ýagdaýda çykaryldy

1117265
Russiýanyň Magnitogorsk şäherinde bolan tebigy gaz partlamasynda 11 aýlyk bir bäbek halas edildi

Magnitogorsk şäherinde ýerleşýän 10 gatly binada düýn irden bolan tebigy gaz partlamasy sebäpli çöken binanyň harabalyklarynda alynyp barylýan halas ediş işleri dowam etdirilýär. 

Gyssagly ýagdaýlar ministrliginden berilen beýanata görä, -17 gradus sowuk howa garamazdan alynyp barylýan halas ediş işlerinde ýene-de 7 adamyň jesedi tapyldy. 

Harabalyklaryň aşagynda galan ýene-de bir adamyň jesedi çykarylmaga synanyşylýar. 

Partlama bolan mahaly binada bolandygy çak edilýän 35 adamyň ykbaly bolsa näbelli bolmagynda galýar. 

Waka sebäpli Çelýabinsk sebitinde bir günlik ýas yglan edildi. 

 



Degişli Habarlar