Russiýada tebigy gaz partlamasynda 3 adam ýogaldy

Russiýanyň Ural sebitinde köp gatly binada bolan tebigy gaz partlamasynda 3 adam ýogaldy, 3 adam bolsa ýaralandy

1116467
Russiýada tebigy gaz partlamasynda 3 adam ýogaldy

 

Ural sebitinde ýerleşýän Magnitogorsk şäherindäki binalaryň birinde ýerli wagt bilen sagat 04:00-da töweregi partlama boldy.

Federal Howpsyzlyk gullugy partlamanyň gaz sebäpli bolandygyny tassyklap, berilen maglumata görä partlamada binanyň bir bölegi ýumruldy, binanyň harabalyklaryndan 1-i çaga bolmak bilen jemi 10 adam halas edildi.

Binada ýaşan 79 adamdan bolsa habar tutyp bolanok.

Wakanyň bolan ýerine halas ediş toparlar gönükdirildi.


Etiketkalar: #Russiýa , #partlama

Degişli Habarlar