Eýran ykdysady basyşlar sebäpli 2019-njy ýyldaky býujetini çäklendirýär

Waizi: "Şu etapda basyşlaryň artmagy sebäpli, býujete belli bir derejede çäklendirme girizmelidiris" diýdi

1110098
Eýran ykdysady basyşlar sebäpli 2019-njy ýyldaky býujetini çäklendirýär

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA-nyň berýän habaryna görä, Prezident Diwanynyň başlygy Mahmud Waizi, paýtagt Tähranda Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýanatynda, hökümetiň mejlisiň garamagyna hödürlän býujetinde çäklendirme girizendiklerini habar berdi. 

Ykdysady meseleler sebäpli hem hem hökümetiň hem-de hökümetden daşary guramalaryň käbir çäklendirmelere sezewar galandygyny aýdan Waizi: "Şu etapda basyşlaryň artmagy sebäpli, býujete belli bir derejede çäklendirme girizmelidiris" diýdi. 

Býujetiň çäklendirilmegi käbir pudaklara täsir ýetirmejekdigini aýdan Waizi: "Ymam Humeýni ýardam komitedi, Refah guramasy, hormatly dynç alyşdakylar we döwlet işgärleri býujet çäklendirmelerinden azat ediler" diýdi. 

 



Degişli Habarlar