"Kaşykçy jenaýaty üçin geçirilýän derňew işine halkara hünärmenler hem gatnaşmaly"

Makron Mirasdar Şazada bilen söhbet etdi

1098524
"Kaşykçy jenaýaty üçin geçirilýän derňew işine halkara hünärmenler hem gatnaşmaly"

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salmandan žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýaty meselesinde geçirilýän derňew işine halkara hünärmenleriň hem gatnaşmagyny isledi.

Argentinada geçirilýän G-20 maslahatyna gatnaşýan Makron, Mirasdar Şazada bilen söhbet etdi.

Makron Bin Salmandan Jemal Kaşykçy jenaýaty meselesinde geçirilýän derňew işine halkara hünärmenleriň hem gatnaşmagyny isledi.

Makron bilen Bin Salman Ýemen meselesinde hem syýasy etaba geçirilmelidigini nygtady.

Fransuz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarlarynda, Kaşykçy jenaýaty meselesinde Ýewropaly liderleriň şol bir garaýşa eýedigi we birlikde hereket edip biljekdikleri bellenildi.

 

 

 



Degişli Habarlar