G-20-niň lideler maslahaty öz işine başlady

G-20-niň lideler maslahaty Argentinada geçirilýär

1098412
G-20-niň lideler maslahaty öz işine başlady
arjantin g-20-1.jpg

G-20-niň döwürleýin ýolbaşçysy we Argentinanyň Prezidenti Makri maslahatyň geçirilýän ýeri bolan Kosta Salguero sergi meýdanynda myhmanlaryny garşylady.

Garşylama dabarasyndan soň liderler metbugata ýapyk häsiýetinde geçirlen “ Adalatly we yzygiderli geljek” temaly maslahata gatnaşdy.

Maslahatdan soň Makri liderleri resmi dabara bilen garşylady, Prezident Erdogan Arngetinaly kärdeşi bilen söhbet etdi.

Prezident Erdogan ilkinji oturlyşygyň öňüsyrasynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen gysga söhbet etdi.

Söhbede Prezdentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn bilen Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem gatnaşdy.

Prezident Erdogan oturluşygyň çäginde Gollandiýanyň Premýer ministri Mark Rutte we Hytaýyň Döwlet başlygy Si Sizinpin bilen duşuşdy.

Erdogan şeýle hem Şiliniň Prezidenti Sebastian Pinera, Braziliýanyň Prezidenti Mişel Temer we Britaniýanyň Premýer ministrleri Teresa Meý bilen duşuşdy.

Duşuşyklara Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak, Söwda ministri Ruhsar Pekjan bilen Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn gatnaşdy.

Maslahata gatnaşan liderler aýallary bilen agşam hem teatr oýunyna tomaşa etdi

Bosgunlara, klimat çalşygyna etniki we medeni tapawutlylyga giňişleýin ýer berlen oýun liderleriň ünsüni özüne çekdi.

Prezident Erdogan bilen aýaly Emine Erdogan soň bolsa liderleriň hormatyna berlen agşam naharyna gatnaşdy.


Etiketkalar: #G-20 , #lider , #maslahat , #oturlyşyk

Degişli Habarlar