"ABŞ-nyň Orta menzilli atom güýçler şertnamasyndan çekilmegi täze ýarag ýaryşyna sebäp bolup biler"

Putin, resmi Waşingtonyň Orta menzilli atom güýçler şertnamasyndan çekilmeginiň ýarag ýaryşy taýdan howplydygy barada duýduryş berdi

1098474
"ABŞ-nyň Orta menzilli atom güýçler şertnamasyndan çekilmegi täze ýarag ýaryşyna sebäp bolup biler"

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, ABŞ-nyň Orta menzilli atom güýçler şertnamasyndan çekilmeginiň täze ýarag ýaryşyna sebäp bolup biljekdigini aýtdy.

Argentinada geçirilýän G-20-niň liderler maslahatyna gatnaşýan Wladimir Putin, resmi Waşingtonyň “Sowuk söweş” döwründen galan 1987-nji ýylda baglaşylan Orta menzilli atom güýçler şertnamasyndan çekilmeginiň ýarag ýaryşy taýdan howplydygy barada duýduryş berdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Russiýa bilen ýurdunyň arasynda geçmişde baglaşylan Orta menzilli atom güýçler şertnamasyndan çekiljekdiklerini mälim edipdi.

Tramp “Biz şertnama gol goýan ýurt hökmünde şertnama sarpa goýduk, emma Russiýa gynsansakda şertnama sarpa goýmady we şertnamany basgylady, şol sebäpli hem biz şertnamadan çekileris”diýipdi.

Şertnama, Russiýa bilen ABŞ-nyň menzili 300 bilen 3400 mil bolan gury ýerden raketa atmagyny, synagdan geçirmegini we öndürmegini gadagan edýär.

ABŞ Russiýany ýygy-ýygydan şertnamany basgylamakda günäkärleýär.

 

 

 

 



Degişli Habarlar