Iordaniýada aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen silde 11 adam ýogaldy

Dereksiz ýiten 2 adamyň tapylmagy üçin gözleg we halas ediş işleri dowam edýär

1085280
Iordaniýada aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen silde 11 adam ýogaldy

Iordaniýada aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen silde 11 adam ýogaldy.

Iordan hökümetiniň metbugat geňeşçisi Jumane Guneýmat, beren ýazmaça beýanatynda, ýurduň günortasynda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli 11 adamyň ýogalandygyny, 2 adamyň dereksiz ýitendigini nygtady.

Güneýmat ýiten 2 adamyň tapylmagy üçin gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini mälim etdi.

Iordaniýanyň resmi habarlar gullugy PETRA hem sil apatyndan soň gözleg we halas ediş işleri üçin goşmaça güýjüň ugradylandygyny habar beripdi.

Iordaniýada geçen aý hem sil sebäpli 21 adam ýogalypdy.

 



Degişli Habarlar