Makron, Germaniýanyň Saud Arabystanyna embargo goýulmagy çagyryşyna dymmak bilen jogap berdi

Makron “her gezeginde bir ýolbaşçynyň beýanaty hakynda garaýyş beýan edip bilmerin” diýdi

1074564
Makron, Germaniýanyň Saud Arabystanyna embargo goýulmagy çagyryşyna dymmak bilen jogap berdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Germaniýanyň saudy žurnalist Jemal Kaşykçynyň öldürilmegi wakasy doly öwrenilmezden ÝB-ne agza ýurtlar hökmünde Saud Arabystanyna ýaragyň eksport edilmezligi baradaky teklibine dymmak bilen jogap berdi.

Fransiýanyň Goranmak ministri Parly bilen paýtagt Parižde geçirilýän Halkara deňiz goranyş sergisine baryp gören Makron žurnalistleriň Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen Ykdysadyýet we energetika ministri Altmaieriň Saud Arabystanyna ýarag embargosynyň goýulmagy teklibine goldaw berip bermejekdigi hakyndaky soraglaryna jogap bermek islemedi.

Makron “her gezeginde bir ýolbaşçynyň beýanaty hakynda garaýyş beýan edip bilmerin” diýdi.

Fransiýa Saud Arabystanyna 2008-2017-nji ýyllaryň aralygynda 11 milliard ýewrolyk ýarag satandygyny mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar