Netanýahu Putin bilen duşuşar

Netanýahu ýakynda Putin bilen duşuşjakdygyny habar berdi

1063971
Netanýahu Putin bilen duşuşar

Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu minisrtler kabinetiniň maslahatyndan soň beren beýanatynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýtdy.

Russiýanyň we Ysraýylyň ýaragly güýçleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň dowam etdirilmegi üçin ýakynda Putin bilen duşuşjakdygyny aýdan Netanýahu,duşuşygyň geçiriljek wagty barada bolsa maglumat bermedi.

Netanýahu Eýranyň Siriýada harby taýdan güýçlenmeginiň öňüni almak üçin göreşmäge dowam etjekdiklerini belledi.

Duşuşyk geçen aý Siriýada rus harby uçarynyn urlup düşürilmegi sebäpli Tel Awiw bilen Moskwanyň arasynda emele gelen dartgynlykdan soň iki lideriň arasyndaky ilkinji özara duşuşyk bolar.

Rus uçarynyň urlup düşürilmeginden soň Netanýahunyň Russiýa sapar guramak isländigi emma Moskwanyň saparyň guralmagyna oňyn jogap bermändigi öňe sürlüpdi.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar