Putin Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Russiýanyň Prezident Wladimir Putin geçen hepde Siriýada ýere gaçan rus uçary barada: “Rus tarapy pajyganyň esasy sebäbiniň Ysraýylyň Harby howa güýçleri sebäpli bolandygy hakykatyna laýyklykda hereket edýär” diýdi

1055971
Putin Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Russiýanyň Prezidentiniň Diwanyndan berilen beýanatda Wladimir Putiniň Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi mälim edildi.

Beýanatda nygtalmagyna görä Putin Netanýah: “Rus tarapy pajyganyň esasy sebäbiniň Ysraýylyň Harby howa güýçleri sebäpli bolandygy hakykatyna laýyklykda hereket edýär” diýdi.

Putin şeýle-de halkara terrorizmine garşy göreşýän rus esgerlerine abanýan howplaryň öňüni almak maksady bilen Siriýanyň howa goranyşynyň söweş ukybyny güýçlendirmek barada karara gelendiklerini beýan etdi.

Rus İl-20 harby uçary 17-nji sentýabrda Siriýanyň hökümetine degişli S-200 howa goranyş ulgamy tarapyndan urlup düşürlipdi. Russiýa Ysraýyla degişli F-16 kysymly uçarlaryň şol uçardan galkan hökmünde peýdalanmagy sebäpli İl-20 uçarynyň raketalaryň nyşanasyna bolandygyny öňe sürüpdi.

Ysraýylyň Harby howa güýçleriniň serkerdesi Amikom Norkin we ýanyndaky wekiliýet rus hökümetibilen gepleşikler geçirmek üçin hepdäniň dowamynda Moskwada gepleşikler geçiripdi.

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu düýn İl-20 uçarynyň urlup düşürilmegi barada iki hepdäniň dowamynda Siriýa S-300 howa goranyş raketa ulgamynyň beriljekdigini beýan edipdi.

 



Degişli Habarlar