DAIŞ-iň lideri Bagdadiniň Owganystana gidendigi öňe sürüldi

Terror guramasy DAIŞ-iň lideri Ebubekir Bagdadiniň Owganystana gidendigi öňe sürüldi

1055296
DAIŞ-iň lideri Bagdadiniň Owganystana gidendigi öňe sürüldi

Saud Arabystanyna degişli, merkezi Londonda ýerleşýän Şarkul Awsat gazediniň Pakistanyň howpsyzlyk çeşmelerine we beýleki radikal toparlara esaslanyp beren habarynda, Bagdadiniň Eýranyň gündogar serhedindäki Zahidan şäherinden geçip, Owganystana barandygy öňe sürüldi.

Çeşmelere görä Bagdadi ýurdyň Nangarhar welaýatyna ýerleşdi.

Owganystanyň Pakistan serhediniň golaýynda ýerleşýän welaýaty bolan Nagarhar, bombaly hüjümler sebäpli şu ýyl ýurdyň iň howply sebiti hökmünde kabul edilýär.


Etiketkalar: #Al Bagdadi , #DAIŞ , #Owganystan

Degişli Habarlar