“Ahwaz hüjümçileriniň kimler bilen arabaglanşklydygyny örän gowy bilýäris”

Eýranyň Prezidenti Ahwaz şäherindäki hüjümiň haýsy gurama tarapyndan guralandygyny we kimler bilen arabaglanşlydyklaryny örän gowy bilýändiklerini mälim etdi

1055000
“Ahwaz hüjümçileriniň kimler bilen arabaglanşklydygyny örän gowy bilýäris”

Hasan Ruhani BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-niň Nýu-Ýork şäherine ugramadan ozal, Tähran Mehrabad howa menzilinde metbugat ýygnagyny geçirdi.

BMG-däki maslahatyň her bir ýurdyň pikirini beýan etmegi taýdan bir pursatdygyny aýdan Ruhani, Eýranyň sebitleýin we halkara meselelerdäki garaýşyny beýan etmek üçin mümkinçilik tapjakdygyny habar berdi.

Saparynyň çäginde Ýewropanyň we Aziýanyň döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirjekdigini, Siriýa, Yrak we Ýemen ýaly meselelerde dost ýurtlar bilen pikir alyşjakdyklaryny aýdan Ruhani, ABŞ-niň Eýrana garşy sanksiýalaryndan iň az derejede zyýan bilen çykmak üçin tagalla etjekdiklerini beýan etdi.

Ruhani, şol çäkde ýurdunyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarifiň hem gatnaşmagynda P4+1 ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen ýadro ylalaşygyny ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny habar berdi.

Huzistan welaýatynyň Ahwaz şäherindäki terrorçylykly hüjüm bilen bagly bolsa Ruhani, hüjümiň haýsy gurama tarapyndan guralandygyny we kimler bilen arabaglanşlydyklaryny örän gowy bilýändiklerini, Eýranyň bu hüjüme asla göz ýummajakdygyny mälim etdi.

Bu guramalaryň Eýran-Yrak söweşinde şol at bilen Yragyň ozalky lider Saddam Hüseýin tarapyndan goldanandygyny we Eýranda hüjümleriň guralandygyny aýdan Ruhani: “Bu gyrgynçylygyny edenler, basyp alyjylaryň ýolundadyr” diýdi.

Ruhani şol guramalaryň Eýran-Yrak söweşinde Yrakda galandygyny belläp: “Saddam ýaşaýarka olar oňa işleýärdiler. Emma Saddam öleninden soň, başga bir ýurdyň adyndan işlemäge başladylar. Pars aýlagyndaky bir döwlet olary maddy, harby we syýasy taýdan goldaýar” diýdi.

Eýranyň Huzistan welaýatynyň Ahwaz şäherinde düýn Eýran-Yrak söweşiniň başlamagynyň 38-nji ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada guralan hüjümde 17-si harby jemi 25 adam ýogalypdy, 60 adam ýaralanypdy.



Degişli Habarlar