Pakistanda magdan käninde bolan partlamada 6 işçi ýogaldy

Pakistanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Kohat şäherinde magdan käninde bolan partlamada 6 işçi ýogaldy

1048068
Pakistanda magdan käninde bolan partlamada 6 işçi ýogaldy

Şäher häkiminiň orunbasary Hliad Ilýas mesele barada beren beýanatynda magdan käninde gaz sebäpli partlamanyň bolandygyny aýtdy.

Magdanda 11 işçiniň bardygyny aýdan Ilýas, gözleg we halas ediş işlerinde 6 adamyň jesediniň çykarlandygyny ýatlatdy.

Partlamada ýaralanan bejergi astyna alyndy, harabalygyň aşagynda galan işçileriň halas edilmegi işleri hem dowam edýär.

 



Degişli Habarlar