Wladimir Putin Eýranyň dini lideri Hamaneý bilen duşuşdy

Hamaneýiň kabulhanasynda bolan duşuşyk metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi

1045701
Wladimir Putin Eýranyň dini lideri Hamaneý bilen duşuşdy

Eýranyň paýtagt Tähranda geçirlen Siriýa temaly maslahata gatnaşmak üçin Eýrana giden Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin maslahatdan soň ýurduň dini lideri Ali Hamaneý bilen duşuşdy.

Hamaneýiň kabulhanasynda bolan duşuşyk metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogan we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen birlikde Tähranda geçirlen Siriýa temaly Türkiýe-Russiýa-Eýran üçtaraplaýyn maslahata gatnaşypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar