ÝB Liwiýada dowam edýän çaknyşyklaryň gyssagly bes edilmegi çagyryşyny berdi

ÝB Liwiýada geçen hepde-den bäri dowam edýän çaknyşyklaryň gyssagly bes edilmegi çagyryşyny berdi

1042434
ÝB Liwiýada dowam edýän çaknyşyklaryň gyssagly bes edilmegi çagyryşyny berdi

ÝB Komissiýasynyň metbugat geňeşçisi Karlos Martin Ruiz de Gordežuela gündelik metbugat ýygnagynda “Tripolide dowam edýän çaknyşyklar onsuz hem ynjyk bolan ýagdaýy bas dartgynlaşdyrýar. Liwiýada başdan geçirilýän kynçylyklar harby däl eýsem syýasy taýdan çözülmeli. Taraplara çaknyşyklaryň gyssagly bes edilmegi çagyryşyny berýäris” diýdi.

Gordežuela Liwiýada BMG-nyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan syýasy etabyň bökdelmegine sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durulmalydygyny nygtady.

Liwiýanyň paýtagty Tripolide Milli ylalaşyk hökümetine tabynlykdaky harby toparlaryň arasynda bolýan çaknyşyklarda bir hepde-de 38 adam ýogaldy.

90-dan gowrak adamyň hem ýaralanmagyna sebäp bolan çaknyşyklar sebäpli şu gün paýtagt Tripolide we töwereklerinde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

 


Etiketkalar: #ÝB , #Liwiýa , #çaknyşyk

Degişli Habarlar