Netanýahu Asada tabynlykdaky güýçleri we Eýrana degişli ýerleri nyşana almak bilen hemle atdy

“Ysraýylyň ýaragly güýçleri, Eýranyň Siriýada harby we döwrebap ýarag ulgamlaryny ornaşdyrmagyna garşy tutanýerli tutum alyp barmaga dowam eder”

1040162
Netanýahu Asada tabynlykdaky güýçleri we Eýrana degişli ýerleri nyşana almak bilen hemle atdy

Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleri we Eýrana degişli ýerleri nyşana almak bilen hemle atdy.

Ysraýylda çap edilýän “Ýediot Ahranot” gazetiniň habaryna görä, Dimona ýadro reaktoryna ozalky Prezident Şimon Peresiň adynyň dakylmagy mynasibetli geçirlen resmi dabara gatnaşan Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahu, Asada tabynlykdaky güýçler bilen resmi Tähranyň arasynda baglaşylan harby hyzmatdaşlyk şertnamasy hakynda durup geçdi.

Eýran bilen Siriýanyň arasyndaky şertnamanyň we howpuň özlerini alyp barýan syýasatyndan ýüz öwürdip bilmejekdigini aýdan Netanýahu, “Ysraýylyň ýaragly güýçleri, Eýranyň Siriýada harby we döwrebap ýarag ulgamlaryny ornaşdyrmagyna garşy tutanýerli tutum alyp barmaga dowam eder” diýdi.

Eýranyň Goranmak ministri Emir Hateminiň, geçen hepde Damaska guran saparynyň çäginde iki ýurduň arasynda harby hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşylypdy.

Eýranyň ýarym resmi Tasnimi habarlar gullugyna görä, Hatemi ady agzalýan şertnamanyň eýranlylaryň Siriýadaky barlygyny dowam etdirmegi taýdan möhümdigini nygtapdy.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar