Arakanly musulmanlara edilen zulum BMG tarapyndan ykrar edildi

BMG-niň Arakan Çagyryşy

1038243
Arakanly musulmanlara edilen zulum BMG tarapyndan ykrar edildi

Arakanly musulmanlara edilen zulum BMG tarapyndan ykrar edildi. BMG-niň gözegçileriniň taýarlan Arakan habarnamasynda sebitdäki musulmanlara edilen zulum barada aýdylýar.

Mýanmanyň Baş ştabynyň  başlygy Min Aung Hlaing we köp sanly generalyň arakanly musulmanlara gyrgynçylyk edendigi habar berildi. Mýanmanyň harby goşunyndaky generallaryň genosid günäsi sebäpli Halkara jenaýat kazyýetinde jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi islenýär.

BMG, Mýanmanyň Kaçin we Şan welaýatlarynda edilen adamzada garşy edilen jenaýatlaryň we harby jenaýatlaryň öwrenilmegini, jogapkarleriň derňeşmegini hem isleýär.

Müňlerçe arakanly musulmanyň obalary ýakylyp, ýykyldy we gyryldy. Diňe bir geçen ýylyň awgustyndan bäri ýüzlerçe müň arakanly çaknyşyklardan we basyşlardan gaçyp, Bangladeşe göçmäge mejbur edildi.


Etiketkalar: #BMG , #Arakan , #ykrar etmek , #çagyryş

Degişli Habarlar