Eýranyň Prezidenti Türkiýe barada öwgüli sözler aýtdy

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani ABŞ-niň ýurduna edýän sanksiýalaryna garşy Türkiýäniň orta goýan pozisiýasynyň takdyr edilmelidigini belledi

1037880
Eýranyň Prezidenti Türkiýe barada öwgüli sözler aýtdy

Eýranyň Prezident Diwanynyň resmi saýtynda berilen maglumata görä Ruhani bilen Kataryň Emiri Şeýh Temim Bin Hamed Al Sani telefon arkaly söhbetdeş boldylar. 

Telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani telefon söhbetdeşliginde ABŞ-niň Eýrana edýän sanksiýalaryna garşy Türkiýäniň orta goýan pozisiýasynyň takdyr edilmelidigini habar berdi. 

Kataryň Eýrana berýän goldawy barada hem öwgüli sözler aýdan Ruhani sanksiýa we ýadro gepleşikler bilen bagly meselelerde has anyk ädimleriň edilmelidigini we sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň möhümdigini beýan etdi. 

 


Etiketkalar: #Eýran , #Hasan Ruhani , #Katar

Degişli Habarlar