Owganystan Russiýada geçirilmegi meýilleşdirilýän parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmaz

Owganystan 4-nji sentýabrda Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilen parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmajakdygyny habar berdi

1036575
Owganystan Russiýada geçirilmegi meýilleşdirilýän parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmaz

Beýanaty Owganystanyň Daşary işler ministrliginden ýokary derejeli ýolbaşçylaryň biri berdi.

“Biz gepleşiklere gatnaşmazlyk barada karara geldik. Taliban bilen gepleşikler geçiriljek bolsa, biz daşary ýurt güýçleriň gatnaşmazlygynda, guramanyň özi bilen gönüden-göni geçireris” diýdi.

Owganystanyň hökümetinden gysga wagt soň bolsa, Taliban tarapyndan beýanat berildi.

Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahid: “Russiýanyň parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmak baradaky çakylygyny kabul edýäris” diýdi.

Gepleşiklere Talibanyň ýokary derejeli wekiliniň gatnaşjakdygy habar berildi.

Russiýanyň hökümeti aralarynda ABŞ-niň hem bolan 12 ýurda parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmak barada çakylyk iberdi, Waşington bolsa gepleşiklere oňyn garamaýandyklaryny mälim etdi.



Degişli Habarlar