Ýuwaş okeanynda we Indoneziýada ýer titremeleri boldy

Ýuwaş okeanynyň günortasynda 8,2 bal ululygynda we Indoneziýanyň Lombok adasynda bolsa 6,3 bal ululygynda ýer titremeleri boldy

1035071
Ýuwaş okeanynda we Indoneziýada ýer titremeleri boldy

Ýuwaş okeanynyň günortasynda Fiji we Tonga adalarynyň golaýynda bolan ýer titremäniň ýeriň 560 km aşagynda emele gelendigi we şol sebäpli yranmanyň täsiriniň az bolandygy habar berildi.

ABŞ-niň Geologiýa ylmy-derňew merkezi ýer titremäniň örän çuň ýerde emele gelendigi sebäpli golaýdaky ýaşaýyş ýerlerine zeper ýetmegine garaşmaýandyklaryny mälim etdi.

Sunami duýduryş merkezi hem şol sebäpli sunaminiň bolmagyna garaşmaýandyklaryny beýan etdi.

ABŞ-niň Geologiýa ylmy-derňew merkezi Indoneziýanyň Lombok adasynda bolan ýer titremäniň bolsa ýeriň 7 km aşagynda emele gelendigini habar berdi.

Adanyň gündogarynda has täsirli bolan ýer titreme sebäpli käbir ýerlerde ýer süýşgünleri boldy.



Degişli Habarlar