Russiýanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri türk raýatlaryndan wiza talap edilmezligini isledi

Russiýanyň Syýahat industriýasy bileleşiginiň başlygy Sergeý Şipilko wiza meselesiniň Türkiýeden Russiýa syýahatçy akymyna böwet bolýandygyny belledi

1028507
Russiýanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri türk raýatlaryndan wiza talap edilmezligini isledi

Şipilko paýtagt Moskwada metbugat işgärlerine beren beýanatynda türk raýatlaryndan wiza islenmegine garamazdan, şu ýyl Türkiýeden Russiýa 200 müň adamyň gelmegine garaşylýandygyny habar berdi. 

Türk raýatlaryna garşy wiza gollanmanyň ortadan aýrylmalydygyny aýdan Şipilko: "Wiza meselesi Türkiýeden Russiýa syýahatçy akymyna böwet bolýar. Russiýanyň syýahatçylyk industriýasy wizasyz gollanmanyň iki ýurdyň raýatlaryna hem degişli bolmagynyň tarapdary. Wizalaryň ortadan aýrylmalydygyny pikir edýäris" diýdi. 

Wizalaryň ortadan aýrylan halatynda Türkiýeden Russiýa gitjek syýahatçy sanynyň 2 esse köpeljekdigini bellän Şipilko: "Ýylda takmynan 350-400 müň türk syýahatçy Russiýa syýahat etmäge gelip biler" diýdi. 

 


Etiketkalar: #Russiýa , #Moskwa , #wiza

Degişli Habarlar