Şwesiýada we Finlýandiýada ýyldyrymyň çakmagy netijesinde 3 adam ýogaldy

Şwesiýanyň döwlet telewideniýesi SVT tarapyndan berilen habara görä Eskiltuna şäherinde ýyldyrymyň çakmagy netijesinde 50 ýaşlaryndaky zenan ýogaldy

1026203
Şwesiýada we Finlýandiýada ýyldyrymyň çakmagy netijesinde 3 adam ýogaldy

SVT telewideniýesine beýanat beren Polisiýa edarasynyň metbugat geňeşçisi Region Öst tokaýa gezelenç etmäge çykan zenanayň yzyna gaýdyp gelmezliginden soň, gözleg işlerini başladan dogan-garyndaşlarynyň zenany tokaýda ýerde tapandyklaryny habar berdi.

Region zenanyň hassahana alynyp gidilmegine garamazdan, halas edilip bilinmändigini beýan etdi.

Finlýandiýanyň döwlet telewideniýesi YLV tarapyndan berilen habarda hem ýurdyň demirgazygyndaky Juga şäherinde saunalaryň birine ýyldyrymyň çakmagy netijesinde 2 doganyň ýogalandygyny mälim etdi.

Finlýandiýanyň Meteorologiýa gullugy tarapyndan berilen beýanatda ýurdyň günortasynda soňky 2 günde ýyldyrymyň 54 müň gezek çakandygy habar berildi.



Degişli Habarlar