Siriýada geçen aý asuda ilatdan 887 adam öldürildi

Siriýanyň Adam hukuklary guramasy iýul aýynda Siriýada ýogalanlaryň sany baradaky habarnamasyny çap etdi

1025075
Siriýada geçen aý asuda ilatdan 887 adam öldürildi

Habarnamada Asada tabynlykdaky güýçleriň geçen aý asuda ilatdan 684 adamy öldürendigi nygtaldy.

Asada tabynlykdaky güýçlere howa goldawyny beren rus güýçleriniň hüjümlerinde bolsa geçen aý 6 adam ýogaldy.

Habarnamada ekstremist terror guramasy PKK-nyň hüjümleri sebäpli 11 adamyň ýogalandygy bellenildi.

Terror guramasy DAIŞ 85 adamy öldürdi.

DAIŞ-e garşy döredilen halkara hyzmatdaş güýçleriniň hüjümlerinde bolsa 10 adam ýogaldy.

Habarnamada geçen aý harby oppozisionerleriň 9, hökümete garşy ýaragly topar Tahrir Şamyň 2, şahsyýety näbelli adamlaryň bolsa 79 adamy öldürendigi ýatladyldy.

Habarnamada zenanlar we çagalar bilen birlikde 547 adamyň zulum sebäpli ýogalandygy bellenildi.

Habarnamada Siriýanyň krizisiň başlan ýyly bolan 2011-nji ýylyň mart aýyndan 2018-nji ýylyň awgust aýyna çenli 13 müň 692 adamyň zulum edilmegi netijesinde öldürlendigine üns çekildi.

Habarnamada Siriýadaky asuda ilatyň goralmagy we jogapkärleriň kazyýet işine çekilmegi çagyryşy berildi.

 



Degişli Habarlar