Merkel: "Bu delo ýapylmady" diýdi
Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel 8-i türk jemi 10 adamy öldüren NSU terror guramasynyň Germaniýanyň taryhynda örän gara bir tegmil hökmünde häsýetlendirdi
1016768
Angela Merkel: "Bu delo entek ýapylmady" diýdi.
Merkel geçiren metbugat ýygnagynda NSU bilen bagly kazyýet işiniň tamamlanmagynyň we ejir çeken maşgalalaryň tankydy bellikleriniň üstünde durup geçdi.
Angela Merkel: "Resmileriň wagty bilen bilmedikleri, başynda aýan edilmeli bolan bu elhenç aksiýalar nähili ýerine ýetirildi? soragy häzirki wagtda hem gün tertipde galýar" diýdi.
Merkel: "Gürrüňsiz bu waka Germaniýanyň Federal Respublikasy taryhynda örän gara bir tegmil. Şol sebäpli bu delonyň ýapylmagy mümkin däl" diýdi.