Yrakda geçirlen protest ýörişlerinde 1 adam ýogaldy

Yrakda protest ýörişleri dowam edýär

1012329
Yrakda geçirlen protest ýörişlerinde 1 adam ýogaldy

Yragyň günortasynda gündelik durmuş şertlerine we elektrik togunyň ýygy-ýygydan kesilmegine garşy  Meýsan  şäherinde geçirlen protest ýörişlerinde howpsyzlyk güýçleri tarapyndan ot açylmagy netijesinde 1 adam ýogaldy.

Howpsyzlyk güýçleri Meýsan şäherinde geçirlen protest ýörişine berk garşylyk görkezdi.

Howpsyzlyk güýçleri tarapyndan ot açylmagy netijesinde 1 adam ýogaldy.

Nejef şäherinde geçirilýän ýörişlerde köçä çykan halk hem şäherdäki howa menziline girdi.

Zikar şäherinde geçirlen protest ýörişlerinde hem Eýrana garşy şygarlar aýdyldy.

Ýurtda 12-nji maýda geçirlen saýlawda üstünlik gazanan Mukteda As Sadr ýörişler barada beren beýanatynda howpsyzlyk güýçleriniň protestçylara garşy aşa güýç ulanmazlygyny, protestçylaryň hem döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalara zeper ýetirmezligini isledi.



Degişli Habarlar