“Asyryň şertnamasy ady berlen meýilnamany kabul etmeris”

Abbas, Fetih hereketiniň Ramallahda geçirlen maslahatyna gatnaşdy

1008581
“Asyryň şertnamasy ady berlen meýilnamany kabul etmeris”

 

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, Amerikan hökümetiniň Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň ýaňadandan başladylmagy üçin taýarlanan “Asyryň şertnamasy” ady berlen meýilnama Arap liderleriniň hem garşy durýandygyny aýtdy.

Fetih hereketiniň Ramallahda geçirlen maslahatyna gatnaşan Abbas, “Asyryň şertnamasy” ady berlen meýilnamanyň kabul edilmejekdigini nygtady.

“Arap doganlarymyz bize Asyryň şertnamasyna garşydyklaryny aýtdy” diýen Abbas, Ýewropadaky, Aziýadaky we Afrikadaky käbir ýurtlaryň hem şertnamany kabul etmejekdigini belledi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä, “Asyryň şertnamasy” meýilnamasy basyp alyşlyk astyndaky Gündogar İýerusalimiň Ysraýyla berilmegini, Günbatar Şeriýadaky bikanun ýehudi ilatly ýerleriniň bir böleginiň barlygyny goramaga dowam etmegi ýaly şertleri öz içine alýar.

Meýilnamada 5,9 milliondan gowrak palestinaly bosgunyň topraklaryna gaýdyp gelmegine rugsat berlip berilmejekdigi barada bolsa maglumat berilmeýär.



Degişli Habarlar