DAIŞ-iň liderlerinden biridigi aýdylýan Bagdadiniň oglynyň Siriýada öldürlendigi habar berildi

Terror guramasy DAIŞ-iň liderlerinden biridigi aýdylýan Abubekir Al Bagdadiniň ogly Hudeýfe Al Bedriniň Siriýanyň Homus şäherinde bolan çaknyşyklarda öldürlendigi habar berildi

1005641
DAIŞ-iň liderlerinden biridigi aýdylýan Bagdadiniň oglynyň Siriýada öldürlendigi habar berildi

Guramanyň propaganda maksatly ulanýan ýaýlym guramalaryndan berlen beýanatda Al Bedriniň Homus şäherindäki termiki elektrik desgasynda öldürlendigi nygtaldy.

Beýanatda “Al Bedriniň Homusda Nusaýrilere we ruslara garşy geçirlen operasiýada öldürlendigi” bellenildi.

Birnäçe gezek öldürlendigi habar berlen emma ölüm habarlary tassyklanmadyk DAıŞ-iň lideri hakynda anyk maglumat ýok.

Emma guramanyň soňky habary Bagdadiniň ýaşaýandygy barada maglumat berýär.

 


Etiketkalar: #Al Bagdadi , #DAIŞ , #gurama

Degişli Habarlar