Tramp ABŞ-nyň BSG-nyň esasy düzgünlerini berjaý etmezligini üpjün etjek kanun taslamasyny seljerýär
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýurdunyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň düzgünlerini berjaý etmezligini üpjün etjek kanun taslamasyny seljerýändigi habar berildi
Amerikanyň metbugat gulluklaryndan “Axiosyň” habar bermegine görä Trampyň görkezmesi boýunça taýarlanan “ABŞ-nyň Adalatly we İkitaraply tarifler kanuny” atly taslama Ak Tama gümrük tariflerini islenen halatynda we görnüşde özgertmäge hukuk berýär.
“Axiosyň” çap eden ilkinji taslama Amerikan hökümetine BSG-nyň döwletleriň söwda gatnaşygyny edýän döwletlerine erkin söwda ylalaşyklaryndan daşgary tapawutly tarifler goýmagynyň öňüni alýan düzgüni berjaý etmezlik hukugyny berýär.
Taslama şeýle-de Bütindünýä Söwda Guramasynyň ozal kabul edilen gümrük salgydynyň mukdarynyň artdyrylmazlygy baradaky düzgüni berjaý etmezligine hem şert döredýär.
Habarda Ak Tamyň metbugat wekillerinden Lindsaý Waltersiň BSG-nyň düzgünlerine berjaý etmezlik bilen netijelenjek taslama baradaky beýanaty hem çap edildi.
Walters Trampyň döwletleriň arsyndaky deňagramsyz gümrük salgytlaryndan biynjalyklyk duýýandygyny hemmeleriň bilýändigini nygtap: “Prezident Tramp iş toparyndan deňagramsyzlyklary düzetjek we döwletleri tarifleri azaltmaga gönükdiriji teklipler taýarlamaklaryny isledi” diýdi.
Waltersiň şol beýanaty “Axisomyň” çap eden taslamasynyň Tramp tarapyndan seljerilendiginiň delili hökmünde analiz edildi.
Degişli Habarlar
Braziliýadaky sil apatlarynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Braziliýada aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda ýogalanlaryň sany 158 adama ýetdi