Suad Abdurrahim Tunisiň ilkinji zenan şäher häkimi boldy

Tunisde Nahda hereketinden Suad Abdurrahim şäher mejlisinde geçirlen başlyklyk saýlawynyň ikinji tapgyrynda iň köp sesi alyp paýtagt Tunisiň ilkinji şäher häkimi boldy

1005053
Suad Abdurrahim Tunisiň ilkinji zenan şäher häkimi boldy

Sese goýulşygyň birinji tapgyrynda Nahda hereketiniň dalaşgäri Suad Abrurrahim 26 ses aldy, Nida Tunisiň dalaşgäri Kemal İdir bolsa 22 ses aldy.

Dalaşgärlerden hiç biri birinji tapgyr üçin talap edilýän 31 sesi alyp bilmedi

Sese goýulşygyň ikinji tapgyrynda Nahda hereketiniň dalaşgäri Suad Abrurrahim 26, Nida Tunisiň dalaşgäri Kemal İdir bolsa 22 ses alyp ozalky ses sanlaryny gorap saklady.

Şeýlelikde paýtagtyň ilkinji zenan şäher häkimi Nahdanyn zenan dalaşgäri Saud Abdurrahim boldy.

 


Etiketkalar: #Tunis , #häkim , #zenan

Degişli Habarlar