Yrakda DAIŞ-e agza 12 terrorçy asylyp öldürildi

Yrakda terror guramasy DAIŞ-e agza 12 terrorçy asylyp öldürildi

1002391
Yrakda  DAIŞ-e agza 12 terrorçy asylyp öldürildi

 

Yragyň Premýer ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda “Premýer ministr Haýdar Al Abadiniň görkezmesine laýyklykda ozal ölüm jezasy berlen 12 terrorçy asylyp öldürildi” diýildi.

Premýer ministr Abadi DAIŞ tarapyndan zamun alynan 8 howpsyzlyk işgäriniň asylyp öldürilmeginden soň düýn beren beýanatynda ölüm jezasy berlen terrorçylaryň jezalarynyň ýerine ýetirilmegi barada görkezme berendigini aýdypdy.

Yragyň Goranmak ministrliginden çarşenbe güni berlen beýanatda, gurama tarapyndan zamun alynan 8 howpsyzlyk işgäriniň ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Salahaddin welaýatynyň golaýynda asylyp öldürlendigi nygtalypdy.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar