Wladimir Putin, Donald Tramp bilen 3-nji ýurtda duşuşar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp 3-nji ýurtda duşuşarlar

1001552
Wladimir Putin, Donald Tramp bilen 3-nji ýurtda duşuşar

Kremliň Daşary syýasat boýunça maslahatçysy Ýuriý Uşakow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň 3-nji bir ýurtda duşuşjakdygyny habar berdi.

Uşakow ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň Milli howpsyzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton bilen geçiren duşuşygyndan soň, beren beýanatynda meýilleşdirilen Putin-Tramp duşuşygy barada maglumat berdi.

Uşakow iki lideriň ikiçäk duşuşyk geçirjekdigini, bilelikde ertirlik naharyny edinjekdiklerini we ondan soň umumy metbugat ýygnagyny geçirjekdiklerini habar berdi.  

Uşakow Putin we Trampyň ediljek ädimleri öz düzüminde jemlejek halkara howpsyzlyk babatynda umumy beýannama çap edip biljekdiklerini belläp, maslahatyň geçiriljek ýeri barada bolsa: “Biz we amerikan tarapy üçin oňaýly boljak 3-nji bir ýurt kesgitlendi” diýdi.

Ýuriý Uşakow: “Bu duşuşyk eýýäm ençeme wagt bäri meýilleşdirilýärdi. Duşuşyk Russiýa we ABŞ üçin örän wajyp. Halkara jemgyýet üçin hem möhüm. Bu duşuşyk bu tomusyň iň möhüm halkara wakasy bolar” diýdi.



Degişli Habarlar