Owganystanyň Nangarhar welaýatynda kamikaze hüjümi guraldy

Hüjümde 20 adam ýogaldy, 16 adam ýaralandy

993606
Owganystanyň Nangarhar welaýatynda kamikaze hüjümi guraldy

Owganystanda Taliban bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda baýramçylyk günleriniň dowamynda hüjüm guralmajakdygy barada ylalaşyk gazanylanyndan soň we başbozarlar bilen howpsyzlyk güýçleriniň özara baýramlaryny gutlaýan mahaly kamikaze hüjümi guraldy.

Nangarhar welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Ataullah Hogýani Nangarharyň Rudat etrabynda hüjüm guramazlyk barada ylalaşan Taliban bilen howpsyzlyk güýçleriniň bir ýere üýşen mahallary kamikaze hüjümçisiniň üstündäki bombany partladandygyny habar berdi.

Hüjümde aralarynda asuda ilat hem bolan 20 adamyň ýogalandygyny aýdan Ataullah Hogýani 16 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.

Ataullah Hogýani Taliban bilen howpsyzlyk güýçleriniň biri-birlerini baýramçylyklaryny gutlamak çäresine asuda ilatyň hem gatnaşandygyny beýan etdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.



Degişli Habarlar