Siriýada zarin we hlor gazynyň ulanylandygy anyklanyldy

Siriýanyň Latemne etrabynda mart aýynyň 24-25-i aralygynda guralan hüjümde zarin we hlor gazynyň ulanylandygy anyklanyldy

992388
Siriýada zarin we hlor gazynyň ulanylandygy anyklanyldy

Himiki ýaraglaryň gadagan edilmegi guramasy mesele hakynda ýörite derňew işini geçirdi.

Derňew işinniň netijesi barada guramanyň çap eden habarnamasynda geçen ýylyň mart aýynyň 24-de Siriýanyň Latemne etrabynda guralan hüjümde zarin gazynyň himiki ýarag hökmünde ulanylandygynyň anyklanylandygy nygtaldy.

Habarnamada  2017-nji ýylyň mart aýynyň 25-de hem şol etrapda hassahana guralan hüjümde bolsa hlor gazynyň himiki ýarag hökmünde ulanylandygy anyklanylandygy bellenildi.

Habarnamanyň degişli döwletlere we BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine hödürlenendigi ýatladyldy.

 

 

 



Degişli Habarlar