Nigeriýada guralan ýaragly hüjümde 15 adam ýogaldy

Günbatar Afrikada ýerleşýän Nigeriýanyň demirgazyk-günbatarynda guralan ýaragly hüjümde 15 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy

984508
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümde 15 adam ýogaldy

Zamfara welaýatynyň Polisiýa gullugynyň metbugat geňeşçisi Muhammad Şehu beren beýanatynda hüjümde ýaralanan adamlaryň bejergi astyna alynandygyny belläp, waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny habar berdi.

Hüjüm sebäpli köp ýaşaýjynyň gorkyp, öýlerini terk edendigini aýdan Şehu köp sanda mal-gara hem zyýan ýetendigini mälim etdi.

Sebitde wagtal-wagtal çopanlar bilen daýhnalaryň arasynda ýaragly çaknyşyklar bolýar.

Soňky gezek Zamfara welaýatynda geçen hepde guralan ýaragly hüjümde 26 adam ýogalypdy.


Etiketkalar: #Nigeriýa , #hüjüm , #daýhan , #çopan

Degişli Habarlar