ÝB-niň resmi wekiliýeti wiza ýeňilligi üçin 31-nji maýda penşenbe güni Ankara geler

Topara ÝB Komissiýasynyň Göç we içerki işler Baş müdürliginiň Baş müdüriniň orunbasary Simon Mardue ýolbaşçylyk edýär

980508
ÝB-niň resmi wekiliýeti wiza ýeňilligi üçin 31-nji maýda penşenbe güni Ankara geler

Türkiýe, raýatlarynyň ÝB-ne agza ýurtlara wizasyz syýahat etmegi üçin ýerine ýetirilmegi talap edilýän 72 barlag seljeriş ugrundan 67-ni tamamlapdy.

Galan 5 barlag seljeriş ugry bilen arabaglanşykly işleriň tamamlanandygy hakyndaky resminama 7-nji fewralda ÝB-ne gowşurlypdy.

Ýolbaşçylar Türk raýatlary üçin üstümizdäki ýylyň dowamynda wize ýeňilligi döredilen halatynda Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň ýaňadandan güýçlenjekdigi barada pikir edýär.

 

 


Etiketkalar: #ÝB , #wekiller , #ýolbaşçylar , #wiza

Degişli Habarlar