ABŞ-da litseýe guralan ýaragly hüjümde 10 adam ýogaldy

Hüjümçiniň çem gelen ýere ot açandygy gürrüň berildi

974416
ABŞ-da litseýe guralan ýaragly hüjümde 10 adam ýogaldy

ABŞ-nyň Teksas ştatynyň Santa Fe şäherinde litseýe guralan ýaragly hüjümde esasy bölegi okuwçylardan ybarat 10 adam ýogaldy, 10 adam hem ýaralandy.

Içeri işler müdürligi waka bilen arabaglanşykly 1okuwçynyň tussag edilendigini habar berdi.

Teksasyň gubernatory Greg Abbott hüjümçiniň aw tüpeňi we bir sapança bilen okuwçylara ot açandygyny aýtdy.

Amerikanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habarlarynda bolsa, hüjümçiniň şol litseýde okaýan 17 ýaşyndaky Dimitrious Pagourtzisdigi nygtaldy.

Okuwçylar hüjümçiniň çem gelen ýere ot açandygyny gürrüň berdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ilki Twitter arkaly soň bolsa Ak Tamda beren beýanatynda hüjüme gynanç bildirýändigini belledi.

Sante Fe şäherindäki hüjümiň soňky bir hepde guralan üçünji, bir ýylda mekdebe guralan 22-nji hüjümdigini nygtalýar.

 

 


Etiketkalar: #ABŞ , #mekdep , #hüjüm

Degişli Habarlar