Taliban Owganystanyň Farah welaýatynyň bir bölegini basyp aldy

Owganystanyň Farah welaýatynyň merkeziniň bir bölegi terror guramasy Taliban tarapyndan ele geçirildi

971184
Taliban Owganystanyň Farah welaýatynyň bir bölegini basyp aldy

Terror guramasy welaýatyň häkimlik binasyny, Içeri işler müdürligini we howa menzlini gözegçilik astyna almaga synanyşýar.

Farahyň Welaýat geňeşiniň başlygy Farid Bahtawar Talibana agza terrorçylaryň düýn gije Farah welaýatynyň merkezine hüjüm başladandygyny habar berdi.

Guramanyň welaýatyň merkeziniň bir bölegini basyp alandygyny aýdan Bahtawar merkezde çaknyşyklaryň häzirki wagtda hem dowam edýändigini mälim etdi.

Bahtawar hüjümiň başlamagy bilen merkezde ýaşaýan maşgalalaryň öýlerini terk etmäge başlandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar