Fransiýa Ysraýylyň Gazadaky zulumyny ýazgardy

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Ysraýylyň ýaragly güýçleriniň Gazadaky zulumyny ýazgardy

971273
Fransiýa Ysraýylyň Gazadaky zulumyny ýazgardy

Fransiýa tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda Makronyň Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas we Iordan Şasy Abdullah II bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.

Beýanatda Makronyň  Fransiýanyň Gazadaky, Iýerusalimdäki we Palestinanyň beýleki şäherlerindäki ýagdaýa uly alada bildirýändigi ýatladyldy.

Beýanatda “Makron düýn we soňky hepdelerde Gazada köp sanly palestinalynyň ýogalmagyna uly gynanç bildirýär. Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň demonstrantlara garşy aşa güýç ulanmagyny ýazgardy. Dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durulmagy we jogapkärçilikli hereket edilmegi çagyryşyny berdi” diýildi.

Beýanatda Fransiýanyň Ysraýylyň döredilen gününiň 70-nji  ýylynda we Palestinalylaryň mejbury ýagdaýda göç edilen gününde ABŞ-nyň ilçihanasyny Iýerusalime göçürmegine garşydygyny ýatladan Makronyň “Iýerusalim meselesinde taraplaryň arasynda halkara jemgyýetçiliginiň gözegçiliginde gepleşik geçrilip bilner” diýendigine üns çekildi

 

 



Degişli Habarlar