Wladimir Putin YKA-nyň Premýer ministri Barzani bilen duşuşdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Premýer ministri Neçirwan Barzani bilen ýurdyň paýtagty Moskwada duşuşyk geçirdi

968029
Wladimir Putin YKA-nyň Premýer ministri Barzani bilen duşuşdy

Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Premýer ministrlik ofisinden berilen beýanatda Barzaniniň Putiniň resmi çakylygyna laýyklykda Moskwadaky Gyzyl meýdançasynda 9-njy maý Ýeňiş baýramy bilen baglanşykly geçirilen harby dabara gatnaşandygy mälim edildi.

Beýanatda harby dabaradan soň Putiniň we Barzaniniň ikiçäk duşuşyk geçirendigi, taraplaryň Russiýa bilen Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we gelejegini maslahatlaşandygy mälim edildi.

Putiniň Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň halkyna ykdysadyýet we energetika başda bolmak bilen ähli ugurlarda açyk ýagdaýda goldaw berýändigini nygtady.

Barzaniniň bolsa özüne iberilen resmi çakylyk we Moskwada myhman edilmegi sebäpli Putine minnetdarlyk bildirip, Russiýanyň Yragyň Kürt Awtonomiýasynda durmuşa geçirmek isleýän ähli energetika we maýa goýum taslamalaryna ýeňillik döretjekdiklerini belledi.



Degişli Habarlar