ABŞ-niň Goranmak ministri Mettis Eýran bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-nyň Goranmak ministri Jeýms Mettis Eýran bilen 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygynyň uzak möhlet üçin ýeterlik bolmajakdygy üçin şertnamadan çekilendiklerini we bu karary 1 ýyllap ara alyp maslahatlaşanlaryndan soň kabul edendiklerini belledi

968056
ABŞ-niň Goranmak ministri Mettis Eýran bilen bagly beýanat berdi

Mettis Senatyň Goýberilýän pullar komitediniň Goranmak ministrliginiň 2019-njy ýylyň maliýe býujet talaby bilen bagly soraglara jogap berdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Eýran bilen baglaşylan ýadro şertnamasyndan çekilip, Tährana garşy goýulan sanksiýalary ýaňadandan girizmek barada karar kabul edendigini aýdan Mettis: “Eýranyň ýadro ýarag elde etmezligi üçin hyzmatdaşlarymyz bilen işleşmegimizi dowam ederis. Eýranyň erbet niýetli täsirine garşy başga taraplar bilen hem iş salyşarys” diýdi.

Eýranyň Ýemenden Saud Arabystanyna, Bahreýnden Liwana çenli uzap gidýän uly bir geografiýada erbet niýetli meýilnamalaryny dowam etdirýändigini öňe süren Mettis Eýranyň goldawy bolmazdan häzirki wagtda hem öz halkyny gyrýan we bosgun akymlaryna sebäp bolýan Başar Asadyň Siriýada hökümediň başynda galyp bilmejekdigini beýan etdi.

Mettis ýadro programma bilen birlikde ballistik raketa programma, terror guramalaryna goldaw bermek, kiber hüjüm howplary we Pars aýlagynda söwda gämilerine garşy howp emele getirmek ýaly meseleler boýunça Tähranyň 5 esasy ugurda sebitleýin halkara howpsyzlyga wehim salýandygyny nygtady.  



Degişli Habarlar