Owganystanyň Farýab welaýatynda bomba partlady

Wakada asuda ilatdan 7 adam ýogaldy

964936
Owganystanyň Farýab welaýatynda bomba partlady

Owganystanyň Farýab welaýatynyň Almar etrabynda ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde asuda ilatdan 7 adam ýogaldy.

Farýabyň Içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Abdukerim Ýuriş Almar etrabynyň Beş Kara diýilen ýerinde ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň, asuda ilaty daşaýan ulagyň şol ýerden geçýän mahaly partladylandygyny habar berdi.

Abdukerim Ýuriş hüjümde şeýle hem asuda ilatdan 1 adamyň ýaralanandygyny beýan etdi.

Abdukerim Ýuriş hüjümiň terror guramasy Taliban tarapyndan guralandygyny çak etdi.



Degişli Habarlar