BagdatdaDAIŞ tarapyndan guralan ýaragly hüjümde 8 adam ýogaldy

Hüjümde 12 adam ýaralandy

962270
BagdatdaDAIŞ tarapyndan guralan ýaragly hüjümde  8 adam ýogaldy

Yragyň paýtagty Bagdadyň demirgazygynda ýerleşýän Tarimiýýe etrabynda terror guramasy DAIŞ tarapyndan guralan ýaragly hüjümde 2-si polis gullukçysy 8 adam ýogaldy, 12 adam ýaralandy

Tarimiýýe etrabynda DAIŞ-e agza terrorçylar tarapyndan ýaragly hüjüm guraldy.

Bagdadyň içeri işler müdürligi hem Tarimiýýe etrabynda hüjüm guran terrorçylaryň çem gelen ýere ot açandygyny habar berdi.

Resmi Bagdat 2017-nji ýylyň dekabr aýynda ýurdunyň DAIŞ-den saplanandygyny habar beripdi emma muňa garamazdan guramanyň agzalary wagtal-wagtal hüjüm guramaga dowam edýär.

 



Degişli Habarlar