Ermenistanda premýer ministr saýlawy geçiriler

Ermenistanda hökümediň başyndaky partiýa ýurtdaky dartgynlygy azaltmak maksady bilen premýer ministr wezipesine dalaşgär hödürlemez

960618
Ermenistanda premýer ministr saýlawy geçiriler

Oppozisioner lider Nikol Paşinýan ýurdyň premýer ministri bolmagyna garaşylýar.

Parlament 1-nji maýda 23-nji aprelde wezipesinden çekilen ýurdyň premýer ministr Serž Sarkisýanyň ýerine täze premýer ministr saýlar.

Hökümediň başyndaky partiýa saýlawa dalaşgär hödürlemejekdigini mälim etdi.

Premýer ministr Serž Sarkisýanyň wezipesinden çekilmegi bilen netijelenen protestlere ýolbaşçylyk eden Nikol Paşinýan bolsa parlamentdäki premýer ministr saýlawyna dalaşgär boljakdygyny ozal habar beripdi.

Nikol Paşinýan premýer ministr wezipesine saýlananyndan soň, ýurtda möhletinden irki saýlawlary geçirmegi meýilleşdirýär.  

Nikol Paşinýan protestleriň dowam etjekdigini mälim etdi.  

Paşinýan 1-nji maýda ýurdyň paýtagty Ýeriwanda hökümede garşy uly protestleriň geçirilmegi üçin çagyryş berdi.



Degişli Habarlar