Owganystanda DAIŞ-e garşy geçirlen operasiýada gurama agza 20 terrorçy öldürildi

Operasiýada terrorçylar bilen bolan çaknyşykda asuda ilatdan 3 adam ýogaldy

951956
Owganystanda DAIŞ-e garşy geçirlen operasiýada gurama agza 20 terrorçy öldürildi

Owganystanda terror guramasy DAIŞ-e garşy geçirlen operasiýada gurama agza 20 terrorçy öldürildi.

Jüzjan welaýat häkiminiň orunbasary Abdurahman Mahmudi Derzab etrabynda terror guramasy DAIŞ-e degişli ýerleriň howadan we gury ýerden nyşana alynandygyny belledi.

Hüjümde 20 terrorçynyň öldürlendigini aýdan Mahmudi DAIŞ-e agza 16 terrorçynyň hem ýaralanandygyny ýatlatdy.

Mahmudi operasiýada terrorçylar bilen bolan çaknyşykda asuda ilatdan 3 adamyň ýogalandygyny we 15 adamyň hem ýaralanandygyny belledi.

Mahmudi operasiýanyň netijesinde terror guramasynyň gözegçiligi astyndaky birnäçe etrapçanyň yzyna alynandygyny nygtady.

 

 

 

 



Degişli Habarlar