Husileriň Saud Arabystanyna garşy raketa hüjümleri dowam edýär

Raketa hüjümleri barasynda Saud Arabystany tarapyndan bolsa hiç hili beýanat berilmedi

945910
Husileriň Saud Arabystanyna garşy raketa hüjümleri dowam edýär

Ýemende Husileriň metbugat sekretary Şeref Lokman Saud Arabystanyna garşy raketa hüjümleriniň dowam edýändigini nygtady.

Lokman Husileriň SABA habarlar gullugyna beren beýanatynda “Raketa hüjümleri duşmanyň deňiz, howa we gury ýer güýçlerini nyşana alýar. Saud Arabystanyna garşy bolan hüjümler dowam edýär” diýdi.

Raketa hüjümleri barasynda Saud Arabystany tarapyndan bolsa hiç hili beýanat berilmedi.

Soňky döwürde Saud Arabystanyna garşy yzygiderli ýagdaýda raketa hüjümlerini guraýan Husiler, paýtagt Riýat bilen birlikde birnäçe şähere 10 raketa atandyklaryny habar berdi.



Degişli Habarlar