“ABŞ Russiýadaky Prezident saýlawlaryna täsir ýetirmek isleýär”

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow ABŞ-nyň 18-nji martda geçiriljek Russiýanyň Prezident saýlawlaryna täsir ýetirip, haos döretmek isleýändigini belledi

923157
“ABŞ Russiýadaky Prezident saýlawlaryna täsir ýetirmek isleýär”

Federasiýa geňeşinde geçirilen “Moskwanyň içerki işlerine garjaşmaga garşy göreşmek” temaly maslahatda çykyş eden Rýabkow soňky ýyllarda Prezident saýlawlary bilen Duma saýlawlaryna taýarlyk döwründe we saýlawlaryň geçirilýän mahaly Russiýanyň içerki işlerine garjaşylmaga synanyşylýandygyny nygtady.  

Rýabkow: “Meňzeş niýetler bu saýlaw kampaniýasy döwründe hem açyk ýagdaýda görülýär. Russiýanyň Daşary işler ministrligini buny anyklady we degişli guramadyr-edaralarymyz bu meseläniň üstünde işleýär” diýdi.

“Waşingtonyň demokratiýa şygarynyň astynda Russiýa bilen birlikde bütin dünýädäki geosyýasy maksatlaryna ýetmek üçin alyp barýan syýasaty, diňe soňky 20 ýylda ençeme ýurtda haosa, söweşe we gyrgynçylyga sebäp boldy” diýen Rýabkow ABŞ-daky käbir töwerekleriň şol maksady Russiýada hem durmuşa geçirmäge synanyşýandygyny belledi.



Degişli Habarlar